Eliň barmaklar ýumlup togalanýan ýeri, görnüşi, barmaklary ýumlan penje.
Bu döş, bu ýumruk oýnamaga göterilýän däldir. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)
Kiçigül Wala bakan ýumrugyny aýlanda, ol ýapyryldy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Ikinji çişik has hem aljyraňňylyk tapyp, ýumrugy bilen döşüne urup başlady. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem ýumruk - ýumrugy.
Uruşmak, ýumruklaşmak, biri-biriniň garşysyna fiziki güýç bilen hüjüm etmek.
Olar ýumruga girdiler. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Ýumrugyňy düwüp, gahar-gazap bildirmek.
Ol gahardan ýaňa titrärdi, dodagyny dişlärdi, ýumruklaryny düwerdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Äşebibi birdenkä hasanaklap, galyp, ýumrugyny düwdi-de, agzyndan tüküligini syçradyp gykylyk etdi. (B. Kerbabaýew, Nebitdag)
Biri tarapyndan horlanmak, urulmak, ýenjilmek.
Ýumruk iýen aýalyň ýüreginde özbaşdak ýaşamak arzuwy Firiduny şatlandyrdy. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)
Birini urmak, ýençmek, urup horlamak, biriniň garşysyna fiziki güýç ulanmak.
Gullyhan onuň üstaşyry hem bir ýumruk saldy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Ol ikisem hasanaklap geldi-de, Ýykdy söýgülimi ýumruk saldy-da. (N. Pomma, Saýlanan eserler)
Birini ýerli-ýerden köpçülik bolup, ýumruk bilen urmak, ýençmek, horlamak.
Ýerli-ýerden ýumruk ýagyp başlady welin, ýasawul ümdüzine tutduryp gaçdy. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)
Ýumruk möçberinde, uly bolmadyk, ösmedik, kiçijik.
Ýumruk ýaly nabat alan oglanyň aýagy ýere degmedi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Gyrmyzy öwüsýän ýumruk ýaly şetdalylar düzülişip dur. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)
Maňlaýym gaty şüdügare degdi. Ynha gör, ýumruk ýaly çişdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Ýumruk ýaly çagajyk ezenegni sallajak; Her görenine «eje» diýip aglajak. (B. Kerbabaýew, Poemalar)
Şol ýumruk ýaly garrynyň üstüne ajyňy pürkmäge neneň diliň aýlandy?! (B. Pürliýew, Ilkinji gün)