ýumşak sypat

  1. Ýeňillik bilen gysylýan, basylýan, çeýe, maýyşgak, süýngüç, gaty bolmadyk.

    • Ýumşak oturgyçda oturyp, aýnaň üstaşyry giň meýdana parhsyz garaýan Akmaýa öz aladasy bilen meşguldy. (B. Kerbabaýew, Nebitdag)

    • Ynha seret, tirsegiňe söýget berýän ýumşak ýassyklary hem bar. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

    • Çagalar ýumşak düşekleriň üstünde ýatyrdylar. («Pioner» žurnaly)

    • Çaýberdi, nahar berdi, Saldyrdy ýumşak düşek. (A. Kekilow, Saýlanan eserler)

  2. Göçme manyda Ýakymly, mylaýym, ýuwaş.

    • Ol örän ýumşak adamdy.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ýumşak - ýumşagy.