ärlerçe

Her bir işde durnuklylyk görkezýänler ýaly, är ýaly, kişi kimin, gaýratlylyk bilen edermenlerçe, mertlerçe.

  • Aýna Artygyň niýetini makullamak bilen ärlerçe dik durdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Gürrüň özüne gezek gelende, Toýjan ärlerçe jogap gaýtardy. (B. Kerbabaýew, Nebitdag)

  • Tagan uruş meýdanynda gaýduwsyzlyk bilen ärlerçe söweşdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)