äpet ä‧pet

  1. Örän uly, has uly, gaty uly, ägirt uly; örän ägirt, mähnet.

    • Gözýetime çenli uzalyp giden pagta meýdany göm-gök bolup ýatan äpet uly deňzi ýadyňa salýar. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)

    • Ýegorjyk aglap, ata, äpet adamlar bar! -- diýip gygyrdy. (A. P. Çehow, Saýlanan eserler)

    • Kesilen äpet toraňňynyň töňňesi ýaly dommarylyp otyrdy. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

    • Ol äpet penjeleri bilen adamynyň üstünden düşende adama hezil bermeýärmişin. (H. Ysmaýylow, Powestler)

  2. Musallat, bela, betbagtçylyk, howp, waka.

    • Bu ne gaýgy, bu ne hasrat, janlarym, Bu ne äpet, bu ne mähneti janlarym. («Türkmen halk şahyrana döredijiligi»)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem äpet - äpedi.


Duş gelýän formalary
  • äpede
  • äpedin
  • äpediň
  • äpetden
  • äpetdi
  • äpetdigi
  • äpetdigini
  • äpetleri
  • äpetleriniň
  • äpetleriň
  • äpetligi
  • äpetlik