Maşgalada aýal bilen nikada durup, kanuny esasda ýaşaýan erkek adam, kişi, aýalyň ýoldaşy, adamsy.
Birdenkä bolsa aýak çekip, ärine maslahat berdi. (B. Kerbabaýew, Nebitdag)
Atda aýak bolsun, ärde gaýrat. (nakyl)
At ürken ýerinden, är gorkan ýerinden. (nakyl)
Göçme manyda Her bir işde durnuklylyk görkezýän, howpdan, kynçylykdan çekinmeýän, edermen, batyr, mert, gaýratly.
Atda aýak bolsa, özge syn bolmaz, ärde gaýrat bolsa, işi kyn bolmaz. (Magtymguly)
Çardagly Çandybil diýen ýurtda Görogly atly bir är döräpdir diýýärler, şol senmisiň?! («Görogly» eposy)
Är bol-da, duşmandan sakla iliňi. (Mollamurt, Saýlanan eserler)
Är ýigidiň ýoldaşy aýal hem bolsa, gerekli ýerinde men-ä är deregini tutmaly -- diýip düşünýän. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Ýagşylyga ýagşylyk-her kişiniň işidir, ýamanlyga ýagşylyk-är kişiniň işidir. (nakyl)
Mazaly ýetişmek, kemala gelmek.
Biziň är çykan oglumyz bolsa, mellek ýerimiziň hemmesini har-haşal otdan doldurypdyr. (A Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Är-heleý bolmak; kanuny esasda maşgala durmuşyny gurmak, nikalaşyp bile ýaşamaga başlamak, goş birikdirmek, öý-işik bolmak.
Äre barmak, durmuşa çykmak.
Ýaş aýal äre gitmän, ömrüni geçirip bilmez ahyryn, ol islän adamsyna äre çykmaga haklydyr. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Soň ol ýedi ýaşly Gurdy we bäş ýaşly gyzyny taşlap äre çykdy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)