Bir zat hökmünde görmek, derekli hasaplamak, sana goşmak, bir zar diýip bilmek.
Sen ony äsgerer ýaly, ol seni äsgerdimi näme?! (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Ol başlykdyryn diýen dolup, adamyny äsgermän depeläp ýörmeli däl ahyry! (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Artygy äsgermeýän Balla beýle gaýtawul örän ýokuş degdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Howanyň ownuk üýtgeşmelerini äsgermeýän ýaş operator ejesiniň janygyp aýdan sözüni ýaňsa alypdy. (B. Kerbabaýew, Nebitdag)
Arçynlary we hökümeti äsgermeýär diýen bahana bilen Aşgabatda, Maryda birnäçe adamlary tutup türmä sokupdyrlar. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)
Birinden çekinmek, gorkmak, üýşenmek.
Ol şeýle adamdyr, äsgermese, her zat eder.