Bir zady ederin diýip berlen söz, bir zada boýun bolup edilýän wada, ykrar, äht.
Kim öz lebzini bozsa, kanundan daşary iş etse gaýgyrman. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar i çekimlisi düşürilip ýazylýar.
Meselem lebiz - lebzi.
Bir zada boýun bolmak, söz bermek.
Men Hojam aganyň ýanynda lebiz etdim, söz berdim. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Men içmezlige lebiz etdim.
seret lebziňi ýuwutmak lebziňi ýuwutmak
Lebziňden dänmek hem gowy däl.
Eden wadaňy ýerine ýetirmek, sözüňde tapylmak.
Arap at meýdanda ýörer, Är bolan lebzinde durar. («Görogly» eposy)
Eden wadaňdan dänmek, ykrarsyz bolmak, ähtiňi bozmak.
Wadasyny üfläp, lebzini ýuwudan adamyň ýüzüne tüýkürülýän dälmidir?! («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Hawa Halnazar baý, hawa! Ak patyşa öz lebzini ýuwutdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)