Çekimlisi uzyn aýdylýandygy üçin çekimli ses bilen başlanýan goşulma ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem leç - lejim, lejiň.
Haý gaçmak, gurpdan düşmek, halys bolmak.
Ah çekip tapmady gitmäniň wejin, Sag bolsa çykardy ganhorlaň lejin. (N. Pomma, Saýlanan eserler)
Köp gaýtalamak, köp ulanmak, ýagyr bolmak, suwy çykmak.
Leji çykarylan eserler duşýarlar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)