laýyklyk

[la:ýyklyk]

  1. Biri-birine deňlik, dogry gelijilik, barabarlyk, bap gelmeklik.

  2. Gelşip duranlyk, mynasyplyk, ýaraşyklylyk.

    • Olaryň durmuş şertlerine laýyklykda mekirlik bilen hereket edenlikleri görkezilýär. (A. Gowşudow, Eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem laýyklyk - laýyklygy.