ikilän-üçlän

Ikiden-üçden, iki ýa-da üç bolup, iki-üç.

  • Gowaçanyň içinde kolhozçy köp bolmasa-da, her ýerde ikilän-üçlän işläp ýöränlere göz ilýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  • Öýüň töwereginde ikilän-üçlän owlakly geçi görünýär. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Köçäniň her bir kwartalynda işçiler ikilän-üçlän düşüp galýardylar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)