Ikini bildirýän sifr.
Owadan ýazylan ikilik.
Ýetişigiň bäş bally sistemasynda «kanagatlanarsyz» diýen bahany aňladýan san.
Hatda mugallyma Sona ikilik hem goýmandyr. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Oýnalýan iki gülli kart.
Ikilik oýun.
Käbir zatlaryň ölçegini kesgitleýän san.
Ikilik galoş.
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem ikilik - ikiligi.
Ähdiýalanlyk, biwepalyk, ikiýüzlülik etmek.