ikilenç i‧ki‧lenç

  1. Ikinji gezek, ýaňadan, täzeden, gaýtadan, ýamaşgan.

    • Ah, oglum! -- diýip, Berdi aga ikilenç Annaguly bilen ýene görüşdi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

    • Annaguly ikilenç: -- Sag boluň! -- diýip, käsesini goýup turdy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  2. Mundan beýläk, indiden bu ýana, dagy-duwara.

    • Şuny urup bilmesem, men ikilenç elime tüpeň almaryn. (J. Akyýew, Mergeniň ogly)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ikilenç - ikilenji.


Duş gelýän formalary
  • ikilenji
  • ikilenjidir