Ikigöwünlilik etmek, böwrüňi diňläp durmak, aýgyt edip bilmän durmak, ýaýdanjyramak.
Maňa ýaramaýan ýeri seniň şol aýgyt edip bilmezligiň, ikirjiňlemegiň, iki aşdan galmagyň! (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Täçli dilmaç kartasyna gaýta-gaýta seretdi-de, ikirjiňledi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Begenç ýüzüni aşak salyp, ikirjiňlemek bilen: -Biz niräk barýarys? -- diýip sorady. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)
Öwez ilki ikirjiňleýär. («Görogly» eposy)