guş

Zoologiýa Bütin bedeni ýelek bilen örtilen, goşaganatly, oňurgaly uçýan haýwan.

  • Gül-pürçük pudaklarda saýrarmyş dürli guşlar. («Tokmak» žurnaly)

  • Guş özi üçin çapar, tazy -- eýesi üçin. (nakyl)

  • Guş agajy bir gonar. (nakyl)

  • Guş bar -- etini iýmeli, guş bar -- et bermeli. (nakyl)

  • Guş burunsyz dogmaz, çaga -- ryzgalsyz. (nakyl)

  • Guş ganatyndan kireý islemez. (nakyl)

Ýazuw düzgüni

Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar.

Meselem guş - guşum, guşuň.

guş yzy

Halynyň gölüniň içine salynýan, guşuň aýak yzyna meňzeş nagyş.

guş ýürek

seret ýürek1

  • Hemmesi seniň guş ýürekligiňden ahyry. («Tokmak» žurnaly)

guşy uçmak

Keýpi kökelmek, göhi gelmek, begenmek, şatlanmak, ruhlanmak.

  • Aňyrsyna gözüni ýetirip bilse, onda hanyň guşy uçýardy. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

tutan guşuny ütmek

seret ütmek