Anatomiýa Muskul halta şekili merkezi gan aýlanyş organy.
Gördi ol otlukda iki adamy, Ýüregi gürsüldäp etmän çydamy. (N. Pomma, Saýlanan eserler)
Çaltlyk bilen mikrofony açdy-da, öz ýüreginden joşup çykýan sözlerini bat bilen sözlemäge başlady. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Şadynyň ýüregi gürs-gürs urýardy. Dagdan arkasy bolanyň daşdan ýüregi bolar. (nakyl)
Bir ýeriň ýa bir zadyň iň esasy ýeri, merkezi.
Güýç-kuwwat, gaýrat.
Onuň aýdýan zadyny edäýmäge ýürek gerek.
Göçme manyda Adama duýgy, täsir, keýp bildirýän organyň simwoly.
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem ýürek - ýüregi.
seret ýüregi açyk ýüregi açyk
Kolhozda ak ýürek bilen işlemek, gurply durmuş gurmagyň esasy şertidir.
Garadan gaýtmaz, ýürekli, batyr.
Rehimsiz, şepagatsyz.
Rehimdar däl, şepagatsyz, rehimsiz, ýowuz.
Içigara, pikiri erbet adam.
Juda gorkak, züwwetdin, gorkak.
Hemmesi seniň guş ýürekligiňden ahyry. («Tokmak» žurnaly)
Sähel bir herekete ziňkildäp durýan, gorkak.
Sähel zada gahary gelýän, dargursak, gyzma.
Batyr däl, gorkak, ýöwsel.
Dözümsiz, mylaýym, sada, rehimli.
Gorky, alada, ynjalyksyzlyk, howsala aralaşmak.
Oglanlaryn ýüregine bükgüldi gitdi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Hyýal eden zadyňy amala aşyrmak üçin çydamlylyk, dözümlilik bilen gutarnykly bir karara gelmek.
Milisioner biraz oýlanandan soň, ýüregine daş baglady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Halys etmek, irizmek, ýadatmak.
Horazyň sesi baýyň ýüregine düşýär. («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»)
Arzuw etmek, islemek.
Belli bir karara gelmek, bir pikire gelmek, bir netijä gelmek.
Men hem ata çykmany ýüregime düwdüm. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Bir zatdan ýürekde kine galmak.
seret jüňk
Bu nakyl ýüregine jüňk boldy. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)
Howatyrly ýagdaýda gyssanmak.
Gözi düşüp howatyrly surata, Dikeldi ol ýüregine ot düşüp. (B. Kerbabaýew, Aýlar)
Örän erbet täsir etmek, erbet ýagdaýda galdyrmak, ýüregine ýara salmak.
Içigara däl, göwni açyk, päk ýürekli, ak ýürekli.
Onuň özi örän ýüregi açyk, bälçik, gowy ýigit. (G. Muhtarow, G. Seýitliýew, Çopan ogly)
Bir zatdan gaty gorkmak.
Aman hem Antika bilen tirkeşip geläýse, Akmaýanyň ýüregi, belki, agzyna gelerdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Batyr, gorkmazak, edermen.
Bä, bu adamyň ýüregi atyň kellesi ýaly bolsa gerek -- diýip oýlanýardy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Ýürege düwen zadyňy ahyryna çenli alyp barmak.
Sen ýersiz mesele bilen başyňy agyrtma-da, ýüregiňi bire bagla, eliňe ýarag al. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Ýürege degilmek.
Rahatlanyp başlamak, gahary ýatyşyp başlamak, köşeşmek.
Sapargülüň indi birneme ýüregi düşüşip başlady. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Ýüreginde gara, ýamanlyk bolmadyk adam.
Gorkuly ýagdaýda bolmak, birahatlanmak, gorkmak.
Sestralaryň ýüregi suw üstünde galkyjaklady. (B. Kerbabaýew, Yhlasa-Myrat)
Örän arkaýyn, göwni hoş.
Şonuň üçin gulluhanyň edýän işinde, bütin bolşunda ýüregi suwludy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Gaty gorkmak, zähräň ýarylmak.
Tilkiniň ýüregi ýarylan ýaly bolup gaçypdyr. («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»)
Ýüregine batmak örän ýiti täsir etmek.
Bolgusyz zat üçin howsala düşmek, bikarar bolmak.
Uly zyýan ýetirip awundyrmak, ynjytmak, käýitmek.
Bolgusyz gep bilen gaharyny getirmek, ganyny gyzdyrmak, birine hyjuw döretmek.
Has erbet täsir etmek (söz hakda).
Pökgi walanyň sözi Halnazaryň ýüregini gyýsa-da, ol bu sapar çydamlylyk etdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Göwnüne degmek, ýüregini agyrtmak, gaty ynjytmak.
Gaty gorkuzmak, haýykdyrmak.
Sulhuň söýmek.
Ýürek etmek, dözmek.
Gyýym bolmak, ýüregiň gaty awamak, rehimiň gelmek.
Meniň ýüregim gyýym-gyýym bolýar. (M. Gorkiý, Saýlanan eserler)
seret ýürek ýerine gelmek ýürek ýerine gelmek
Heý-de karar taparmy Nurgeldiniň ýüregi, Her günde hamyr ýugrup, Gora gömüp çöregi. (M. Seýidow, Çoluk)
Ýüregiň ezilmek, ýürek agyrysyny duýmak.
Ýüregiň gysmak, darykmak.
Özüniň oňa bolan mähri ýüregini mynçgalady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Birine syryňy aýtmak, pikiriňi aýtmak.
Men size ýüregimi açmak isleýärin. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Tüýs ýürekden bildirilýän gynanç, nebis agyrma.
Howsala düşmek, gyssanmak, howlukmak, darykmak.
Onuň ýüregi agzyndan çykyp barýar. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Ýüregiň gyýylmak, gynanmak, ynjamak.
Tyçenkonyň ýüregi awady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Artygyň ýüregi awady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Ynjydylmak.
Tolgundyrmak.
Şol habar onuň ýüregini bökdürmäge başlady. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)
Erbet söz ýa habar aýdyp hapa etmek.
Aýnanyň ýüregini bulamak islemändi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Ýakmaz zat iýmek zerarly ýüregiň endiremek, iýeniňi gaýtarjak ýaly bolup duýulmak.
Bir zady etjek, ýerine ýetirjek bolup howlukmak, durup bilmezlik.
Ondan öjüni almak üçin aýtmaga ýüregi byjyklady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Sabyrsyzlyk bilen garaşmak, bir zada gaty howlukmak, howlukmaçlyk etmek.
Gaharyň gelmek, ynjamak.
Bu gürrüňe onuň kakasy bilen ejesiniň ýürekleri çişipdir. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Ýüregini awatmak, ýüregini agyrtmak, örän gynandyrmak.
Haýpyň gelmek, rehimiň inmek, gaty gynanmak.
Birden Amansoltanyň ýüregi dilnip gitdi. («Sowet Türkmenistany» gazeti)
Işdäň zat alman, bir hili ýüregiň petiklenen ýaly bolmak.
Süýji-süýji hoş sözler aýdyp, adamynyň göwnüni götermek, bir zada razy etmek.
Ýüregin eredip gyzyň-geliniň, Çeper sözlerime ederin bendi. («Tokmak» žurnaly)
Rahatlanmak, arkaýynlanmak.
Bu pikir Garly ussanyň göwnüne hem makul boldy, hatda onuň ýüregi ginäp, göwni ynjaldy. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)
Içiňi aýtmazlyk, syr gizlemek, syryňy aýtman saklanmak, ýüregiňdäkini aýtmazlyk.
Sen, dost, ýüregiňi menden gizläp, kime paş etjek? (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Bir zada juda begenip ýa-da bir zatdan gaty gorkup allaniçigsi bolmak, ýüregiň batly-batly urmak.
Aýnanyň ýüregi gopdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Tukatlyk duýmak, biynjalyklyk emele gelmek, keýpsiz bolmak, gaýgylanmak.
Maňa barasy gelmedik bolan bolýardy, indi bolsa meni gowy görýär, meni görmese, ýüregi gysýar. (A. P. Çehow, Saýlanan eserler)
Dym-dyrslyk gabap alyp daşyny, Aýlaryň ýüregi gysyp başlady. (B. Kerbabaýew, Aýlar)
Iç gysmak, howlukmak.
Käte ýüregim howlap, Çykýan daşa bir küýde. (B. Kerbabaýew, Poemalar)
Howlukmak, ynjalyksyzlanmak.
Göroglynyň ýüregi içine sygmaýar. («Görogly» eposy)
Aňyp gynanmak, duýmak, syzmak.
Ejesiniň zeýrenýändigini eşidip, Baharyň ýüregi jigledi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Ruhuň göterilmek, höwesiň artmak.
Tapdym bagt çeşmesini, Goýmaz ýürek joşmasyny. (Ata Salyh, Saýlanan eserler)
Ýürek gopmak, ynjalyksyzlanmak.
Biziň bolsa ýüregimiz müňküldäp dur. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Gaýgy-hasrat.
Örän erbet täsir galdyrmak, ruhdan düşürmek.
Howsala aralaşmak, darykmak.
Nahar iýesiň gelmek, ajykmak.
Ertirden bäri ýüregimiz syryldy.
Ýürek arzuwy, ýürekde beslenen zat.
Rahatlanmak, arkaýynlanmak.
Onuň ýüregi ýerine gelen ýaly boldy.
Bir zatdan ýürekde iňkis galmak, bir zatdan göwnüňde kitüw galmak.
Ýürege ýara salmak, ýürekde ahmyr galdyrmak, kine goýmak.
Göwnünden turmak, göwnüne, islegine görä hereket etmek, sözlemek.
Şol aýdym öz ýüreginden turan daýhanlar ony gaýtalap-gaýtalap aýtdyrypdyrlar. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Içinde arkaýyn oturar ýaly, palasdan, keçeden, ýorgandan we ş. m. düýäniň howudynyň üstünde edilýän aýlaw.
Üsti ýüpek ýorganly haly ýüregiň üstüne dyrmaşyp münende bolsa, şol gelniň ysgynsyz üsgürýänini eşidipdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem ýürek - ýüregi.