guşak

Gaýyşdan, ýüpden ýa-da dokalan matadan bile baglamak, damak üçin ýörüte edilen bag.

  • Ot tomsuna agyr çäkmen, gyşyna bolsa pagtaly don geýerdi, biline ak biz guşak guşanardy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  • Pälwan guşagyny ykjam guşanyp, syýyny çekişdirdi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem guşak - guşagy.

guşak çözdürmek

Könelişen söz Köne däp-desura göra öýlenen ýigidiň bilindäki guşagy berk baglap, ony gelne çözdürmek.

  • Artyk oňa guşak çözdürmekden, ädik çykartmakdan geçip, bir baş ýüzükçileriň ýanyna bardy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

guşak gapdy

Iki tarap bolup guşak oklanyp, gapylyp oýnalýan oýun.

  • Guşak gapyp oýnamak.