guşaklyk1

  1. Biliň inçelen ýeri, biliň guşak daňylýan ýeri, bil.

    • Soňa baka ýörite ýasalan demirleri gyzdyryp, munun endamyna dag basmaga başladylar, guşaklykdan ýokarsyny besse-besse etdiler. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

    • Aýagy gyrma köwüşli, nogta ýaly saçlary guşaklygyna ýetip durdy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  2. Guşak eder ýaly gaýyş, teletin.

    • Guşaklyk gaýyş.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem guşaklyk - guşaklygy.

guşaklyk2

Geografiýa Ýeriň üstüniň iki meridiany ýa-da paralelleri arasyndaky bölegi.

  • Yssy guşaklyk.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem guşaklyk - guşaklygy.