ütmek işlik

  1. Kellebaşaýak, guş we ş. m. tüýüni, ýelegini ýolup çykmak, ýolup aýyrmak.

    • Ol guşuň ýelegini ütdi.

  2. Gepleşik dili Kişiniň hakyny iýip çürkemek, kişiniň zähmetini ekspluatirlemek.

  3. Üst-başyňy, geýim-eşigiňi zaýalamak, haraplamak.

Ýazuw düzgüni

Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda ü eşidilen ýerinde ýazylýar.

Meselem ütmek - ütdüm, ütdüň, ütüpdir.

tutan guşuny ütmek

Garşydaşyň pirimine, aldawyna gitmän, ynanman, ondan hem ökde çykmak.