ýaby

Iş maly hökmünde ulanylýan ýeke toýnakly iri öý haýwany, gylýal.

  • Paýtunçy meni görüp, dessine ýabysynyň başyny başga tarapa öwrüp, ony gamçylamaga başlady. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Garry meniň kakamy tanaýardy, onuň bilen öňräk ýaby çalşypdy. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

  • Ýabynyň ýatagyna baryp, ahyrynyň üstünden işirmesini aldy-da, ýaba saldy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)