[ýa:datmak]
Ýadaw hala salmak, köp işledip, argyn ýagdaýa salmak, güýçden gaçyrmak, ardyrmak.
Dowarlary artykmaç kowalamak, olary ynjalykdan gaçyrmak ýa-da çakdanaşa ýadatmak asla bolmaz. («Sowet Türkmenistany» gazeti)
Göçme manyda Bizar etmek, halys etmek, irizmek.
Ejesiniň soraglary Myrady bir ýandan ýadatsa, ikinji ýandan, onuň agyr oýuny ýene güýçlendirýärdi. (B. Kerbabaýew, Yhlasa-Myrat)
Ony şeýle durmuş, şeýle ýagdaý ýadadyp başlady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Yssy jöwza bilen gamly sähra ony halys ýadadypdy. (A. P. Çehow, Saýlanan eserler)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem ýadatmak - ýadadýar, ýadadar, ýadadypdyr.