[ba:p]
Eserdäki esasy bölümler.
Kanunymyzyň her baby, Bagt hakynda söz açýar. (R. Seýidow, Bagtlylar)
Çekimlisi uzyn aýdylýandygy üçin çekimli ses bilen başlanýan goşulma ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem bap - babym, babyň.
[ba:p]
Laýyk, mynasyp, kybap.
Onuň köp häsiýetleri Morozyňky bilen bap gelmeýärdi. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)
Çekimlisi uzyn aýdylýandygy üçin çekimli ses bilen başlanýan goşulma ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem bap - babym, babyň.