uzyn u‧zyn sypat

[uzy:n]

  1. Gysga däl, ep-esli uzynlygy bar bolan.

    • Ol uzyn sakgalyny sypady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Ýabyň iki tarapy-da uzyn gök dereklikdi. (B. Seýtäkow, Saýlanan eserler)

    • Sagat on iki bolmaga bäş minut galanda, men gyzyl papkamy goltuklap uzyn koridora çykdym. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Uzynyň akyly giç geler. (nakyl)

  2. seret uzak

    • Ol adam uzyn gije arkasy agyr bede ýükli görgüsini görüp gezenmişin. (N. Saryhanow, Kitap)

dili uzyn

seret dil 2

  • Adamynyň öňünde eden etmişim ýokdur, onuň üçin dilim uzyndyr.

eli uzyn

Gurply, pully, mally, barly, zatly.

  • Eli uzyn adam.

ýaşy uzyn bolsun!

seret ýaş 1

  • Toýuňyz gutly bola! Ogul ýaşy uzyn bolsun!


Duş gelýän formalary
  • uzyna
  • uzynam
  • uzynda
  • uzyndan
  • uzyndy
  • uzyndygy
  • uzyndygyny
  • uzyndyr
  • uzyndyrlar
  • uzynja
  • uzynlar
  • uzynlara
  • uzynlardan
  • uzynlary
  • uzynlaryny
  • uzynlaryň
  • uzynly
  • uzynlyga
  • uzynlygy
  • uzynlygydyr
  • uzynlygyna
  • uzynlygynda
  • uzynlygyndan
  • uzynlygyny
  • uzynlygynyň
  • uzynlygyň
  • uzynlyk
  • uzynlykda
  • uzynlykdadyr
  • uzynlykdan
  • uzynlykdyr
  • uzynlylygy
  • uzynlylygyny
  • uzynmy
  • uzynragam
  • uzynrak
  • uzyny
  • uzynynyň
  • uzynyň
  • uzynyňam