dil 1 at

  1. Anatomiýa Agyz boşlugynda ýerleşen tagam biliş organy.

    • Ene sesini çykarman, kepän dili bilen dodaklaryny ýalaşdyrýardy. (M. Gorkiý, Ene)

    • Iki kilogram dil alyp gowurdym.

  2. Sagatda we ş. m. priborlarda: öz okunda aýlanyp, wagt, güýç we ş. m. görkeziji uzynja ýasy demir; jaňda: urup ses çykarmak üçin uzynja ýogyn demir.

    • Sagadyň dili günortan nahar wagtynyň ýakynlaşýandygyny görkezýärdi. («Edebiýat we sungat» gazeti)

dil 2 at

  1. Lingwistika Pikirlenmäniň işleýiş netijelerini belleýän we adamlaryň aragatnaşyk serişdesi bolan sesleriň we sözlük-grammatik serişdeleriň sistemasy.

    • Dil jemgyýetde adamlaryň aragatnaşyk etmekleriniň, pikir alyşmaklarynyň we biri-birlerine düşünşimekleriniň guraly bolup hyzmat edýär.

  2. Gepleýiş ukyby, sözleýiş başarjaňlygy.

    • Dilden mahrum bolmak.

  3. Umumy halk sözlük-grammatik sistemasyna esaslanýan söz döredijiligindäki gepleýiş serişdeleriniň jemi.

  4. Göçme manyda Gerekli maglumatlary almak mümkin bolan ýesir.

    • Dil tutup getirmek.

bir dil bilen

Bir tär, bir ýol, bir sebäp bilen.

dil açmak

seret dil ýarmak

  • Ýüzbaşy hanyň daşlaşanyny ýene bir gezek yzyndan äňedip anyklandan soň dil açdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

dil bilimi

Dil hakyndaky ylym.

dil birikdirmek

dil bitmek

  1. Dil çykarmak, gepläp başlamak (çaga hakynda).

  2. Utanman, çekinmän gepläp başlamak, dillenmek.

dil çykmak

seret dil bitmek

dil düwüşmek

Bir işi amala aşyrmak üçin, köplenç gizlin, öňünden gepleşmeklik, wadalaşmaklyk.

dil hat

seret hat

dil öwrülmezlik

Sözleri aýdyp bilmezlik, düşnükli gepläp bilmezlik.

dil tutulmak

Geplemekden galmak, aljyramak.

dil ujundan

Ýürekden aýdylmaýan (söz).

dil ýarmak

Söz açmak, gürrüň etmek, çekinmän geplemek.

  • Tä soňky wagtlara çenli Magtymguly beýle-de dursun, umuman türkmenleriň medeniýeti barada dil ýarmaga kim milt edip bilerdi? (G. Kulyýew, Köpetdagyň aňyrsynda)

dil ýetirmek

Biri gowy hem bolsa, oňa at dakmak.

  • Eje, maňa näme diýseň diý, ýöne şol gyza dil ýetirme! («Sowet edebiýaty» žurnaly)

dile baý

Manyly sözlemegi oňarýan, owadan sözli, söz baýlygy bolan.

dile düşgür

Gürrüňe, gepe-söze gowy düşünýän.

dile-agza düşmek

Erbetlik taýdan halk arasynda ady ýaýramak, ile gürrüň bolmak.

  • Ol beýle dile-agza düşmeli adam däldir. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

dili agyr

Düşünmesi kyn bolan, çylşyrymly.

dili awuly

seret dili duzly

dili barmazlyk

Gowulyk ýa-da erbetlik taýdan bir zady aýdyp -- diýip bilmezlik.

dili batyr

Dogumly, ýerlikli, dözümli gepleýän.

dili duzly

Ajy sözli.

dili gysga

Müýnli, aýyply.

dili gysgalyk

Bir sebäbe görä edilen hormatyň hötdesinden gelip bilmezlik, etjegiňi edip bilmezlik.

dili uzyn

  1. Bolgusyz zada dil ýetirýän, köp gepleýän, lakgy;.

  2. Biriniň ýanynda diýeni edilýän, abraýly, müýnli bolmadyk.

dilini tapmak

Ýüreginden turmak, ugruny tapmak.

diliň ujunda

Ýada düşjek-düşjek bolup duran zat, gep, söz hakda aýdylýan söz.

diliňe çolamak

Aýtmasyz zady aýtmak, diliňe almak.

diliňe dyngy bermek

Çeni-çaky bilen geplemek, biraz geplemezlik.

diliňi dişlemek

Bir sebäbe görä geplemän, sözlemän oturmak.

diliňi oýnatmak

Suwumsyzlyk edip, sözleri nädogry aýdyp geplemek.

jan-dil bilen

Tüýs ýürekden, janyň we ýüregiň bilen, yhlasly.