[ýa:ş]
Adamyň, haýwanyň, ösümligiň we ş. m. ösüş derejesi, her bir ýyl aralygyndaky ömür sürüş döwri.
Meniň özüm on üç-on dört ýaşymda, Tylladan jüp jygam bardyr başymda. («Görogly» eposy)
Akyl ýaşda bolmaz, başda bolar. (nakyl)
Ýaşaýyş döwri, ömür.
Indi är-heleýiň ýaşlarynyň soňunda seredip duranlary şujagaz oglandy. (H. Ysmaýylow, Powestler we hekaýalar)
Ýaşy otuz bäş bilen kyrk bäşiň aralygynda bolan.
Gözýaş etmek, aglamak.
Çaga bolanda zeper ýetip ölmek.
Çagasy bolmak, çaga dogurmak.
Gurbanly aýalynyň ýaşy bolýanlygyny aýtdy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Çaga bolanda, onuň uzak ýaşamagy arzuw edilip aýdylýan aňlatma.
[ýa:ş]
[ýa:ş]
Bir zada adatdan daşary begeneniňde ýa-da gynananyňda gözüňden dökülýän damja-damja suwuklyk, nem.
Hoşgeldi! -- diýip, gygyrdy we ogluny gujaklady, begenjinden Näzigiň gözlerinden ýaş çykdy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Gözlerinden togalanan iki damja ýaş ýere düşdi. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)
Yhlas bilen aglasaň, sokur gözden ýaş çykar. (nakyl)
[ýa:ş]
Soganyň, kartoşkanyň, käşiriň we ş. m. baldagy we ýapragy.