uzynak

[uzy:nak]

Boýy birneme uzyn bolan, uzyna ýakyn bolan.

  • Aýsoltanyň uzynak barmaklary, ony özüne öndeýän ýalydy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  • Çägede aýak sesi eşildilmeýänligi üçin, uzynak garaýagyz ýigit duýdansyz peýda boldy. («Sowet Türkmenistany» gazeti)

  • Ol uzynak, maňlaýy giň, güler ýüzli gelindi. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem uzynak - uzynagy.