uzatmak işlik

  1. Bir zady birine bermek üçin eliňi öňe ýazmak.

    • Ol elindäki arzasyny direktora uzatdy. («Sowet Türkmenistanynyň Aýallary» žurnaly)

    • Kitaby elinden gaňryp aldy-da, aýalyna uzatdy. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

  2. Möhleti öňküsinden köpeltmek, öňküsinden artdyrmak, uzaga çekmek.

  3. Ýolagçyny ýola salmak, ugratmak.

    • Uzadandan ýoldaş bolmaz. (nakyl)

  4. Bir zady ibermek, ýollamak.

    • Eziz daýzasyndan köp salam aýdyp, Bir sowgat uzatdy ejesi Aýna. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem uzatmak - uzadýar, uzadar, uzadypdyr.