uzynlyk

[uzy:nlyk]

  1. Bir ugurda ýatan çyzygyň, jisimiň we ş. m. iki gyra nokadynyň arasyndaky aralyk.

    • Uzynlygy iki ýarym, ini bir ýarym metr gabra Halnazaryň göwresini emaý bilen goýdular. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Bular ahyrynda birnäçe kilometr uzynlykdaky batgalyk ýoluň aňyrsyna çykdylar. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  2. Wagt taýdan dowamlylyk, wagt taýdan üznüksizlik, köp wagta çekmeklik.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem uzynlyk - uzynlygy.