uklatmak işlik

[u:klatmak]

Ukuly hala getirmek, uka gidermek, ýatyrmak, irkildirmek.

  • Ony basyryp, derledip, ukladyp, tabyna getirmek bolar. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

  • Söýýän ýaz gijesi hemişe seni, Ukladyp ýelpeýän salkyn ýel bilen. (R. Seýidow, Eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem uklatmak - ukladýar, ukladar, ukladypdyr.