ujyz

[ujy:z]

Könelişen söz Gymmat däl, arzan.

ujyz daramak

Doly we ýeterlikli bolmadyk, kemter gaýtmak.

  • Heniz hem Aýnur saňa ujyz darapdyr. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

ujyz gutulmak

Özüňe şikes ýetirmän aňsatlyk bilen gutulmak, sypmak.

  • Sary bu sapar ujyz gutulypdyr -- diýdi. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

  • Arman, şory depesine çykan Mäter şyh menden ujyz gutuldy. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)