uk

[u:k]

Ýokary ujy tüýnüge, aşaky ujy tärime berkidilýän we öýüň üstki bölegini emele getirýän uzyn inçe agaç.

  • Öýüň çagarygy gurum bilen doludy, uklarynyň balalary ikinji gezek çykarylypdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Uklary iki ýana ýaýyp tärimiň üstünden aşyrylyp hem öýe girmek bolýar. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar. Çekimlisi uzyn aýdylýandygy üçin çekimli ses bilen başlanýan goşulma ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem uk - ugum, uguň.

uguny ýekelemek

Geplände birine garşy çykman, göwnünden turup bar syryny bilmek, ugruna kowmak, göterilmek.

  • Elli ilki başlygyň uguny ýekeledi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)