uklaşmak işlik

[u:klaşmak]

Hemmesi ukuly halda bolmak, barysy ukuly halda bolmak, ýatyşmak, irkilişmek.

  • Hemişe Pökgeniň geçirýän ýygnaklarynda uklaşyp oturýan adamlar bugün söz alyp gepleýärdiler. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  • Duýgularymyň iň çuň ýerinde uklaşyp ýatan bir wagtky girrik gaharlarym-da oýnaşyp, meni öz ygtyýaryma goýmajak bolýar. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)