uky

[u:ky]

Belli bir wagt aralygynda aňyň işlemän rahatlyk halda bolup geçýän fiziologik ýagdaýy.

  • Jommy süýji ukuda hor çekip ýatan eken. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  • Şol gije şu hyýal bilen gözüme uky gelmedi. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimsiz ses bilen başlanýan goşulma ýa-da söz goşulyp, ikinji bogundaky dar y çekimlisi gysga aýdylsa, onda ol dodaklandyrylyp u ýazylýar.

Meselem uky - ukuda, ukular, ukusy.

uka gitmek

Süýji uklap ýatmak, uklamak.

  • Ol şagallaryň uwlaşýan seslerine gulak asýardy, iň soňunda uka gidýärdi. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

ukudan goýmak

Uklamaly wagtynda uklatman saklamak, ýatyrmazlyk.

  • Öz-özüňden dowul tapyp, birnäçe adamyny ýedi gije ukudan goýupsyň. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

ukusy gaçmak

Ýatasyň gelse-de uklap bilmezlik, ukusy tutmaýan hala gelmek.

  • Sapargülüň ukusy gaçdy. (B. Seýtäkow, Saýlanan eserler)

ukyň tutmak

Uklasyň, ýatasyň gelmek.

  • Ukym tutup, gözüm ýumulyp gelýär, irkiljek men, alyp durma ýanymy. (Nury Annagylyç, Goşgular)

ukyňy almak

Rahat ýatyp dynjyňy almak, uklamak islegini kanagatlandyrmak.

  • Men pugta ukymy aldym.