[u:klamak]
Ukuly halda bolmak, ukuly ýagdaýda bolmak, uka gitmek, ýatmak, irkilmek.
Menem lapym keç bolup ukladym. («Sowet Türkmenstanyň aýallary» žurnaly)
Diňe Guwanç aňyrky tamda uklap ýatyrdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Hemmä belli bolan ýagdaýdan bihabar bolmak, eşitmän galmak.
Emma men entek piliň gulagynda uklaýan ekenim. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)
Ýalňyş barada habar ber Söz hödürle
Sözlükde tapmadyk sözüňizi bize hödürläň we biz onuň düşündirişini tapmaga synanyşarys.