olja

  1. Duşmandan üstün çykylanda alynýan zatlar, ok-däri we ş. m.

    • Garakçylar köp olja bilen dolanyp gelipdirler. (G. Kulyýew, Köpetdagyň Aňyrsynda)

  2. Göçme manyda Aňsatlyk bilen ele salynýan zat, gazanç, düşewint.

    • Bize olja her gün tapylar. («Görogly» eposy)

oljasy olmak

Bir zady ele amatly düşürmek, şowly ele salmak.

  • Onuň aýdym sesini eşidenler: --Sary körüň oljasy oňupdyrow -- diýişerdiler. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)