naýynjar na‧ýyn‧jar

[na:ýynja:r]

  1. Ejiz, görgüli, gözgyny (adam).

    • Dürre gamçy naýynjaryň tenini dilip geçdi. (G. Kulyýew, Köpetdagyň aňyrsynda)

  2. Ýürek awadyjy, zaryn, aýylganç.

    • Ahyret sözleri bilen gulagy ganan Halnazara Hojamyň pessaý, naýynjar sözleri aýratyn täsir etdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Onuň naýynjar sesi güýçli elde hiç ýana ýetmeýärdi. (B. Kerbabaýew, Nebitdag)

    • Gözlerinden boýur-boýur döküp, gije-gündiz gözgyny, naýynjar iňläp çarpyýardy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  3. Göwni çökgün, bialaç.

    • Artygyň şeýle naýynjar görnüşi Aşyry hem gozgalaňa saldy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Onuň öňki naýynjar keşbiniň ýerine-de merdemsilik goýupdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Ol göýä özüne haraý gözleýän ýaly, naýynjar nazar bilen seretdi. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)


Duş gelýän formalary
  • naýynjardy
  • naýynjarja
  • naýynjarlyk
  • naýynjaryň