[na:ýynsa:plyk]
Ynsapsyzlyk, bihaýalyk, wyždansyzlyk, zalymlyk.
Seniň şu naýynysaplygyň ynsan gylygy däl. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Hiý, şeýle-de bir naýynsaplyk barmy?!
seret nebsewürlik
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem naýynsaplyk - naýynsaplygy.