naýza naý‧za

  1. Ujy uzyn demir çişli sowuk ýarag.

    • Ýun Gir Su eline naýza aldy-da, baýyrlyga tarap ugrady. («Pioner» žurnaly)

  2. Tüpeň niliniň ujuna berkidilip dürtülýän sowuk ýarag.

    • Onuň tenine naýza dürtüp soranlarynda-da jogap bermedi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Bu rehimsiz zalymlar Naýza diräp döşünden, hany habar ber! -- diýdi -- Sowet harby işinden. (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler)

  3. Sport termini Belli daşlyga ýetirmek üçin zyňylýan ujy demir çişli taýak, sport enjamy.

    • Şol appratlarda ilkinji gezek naýza zyňýan ýaşlar kino ekranyna alynýar. («Pioner» žurnaly)


Duş gelýän formalary
  • naýza-da
  • naýzadan
  • naýzadanam
  • naýzady
  • naýzadyr
  • naýzalar
  • naýzalardan
  • naýzalardanam
  • naýzalary
  • naýzalaryny
  • naýzalarynyň
  • naýzalaryň
  • naýzaly
  • naýzany
  • naýzanyň
  • naýzasy
  • naýzasyn
  • naýzasyna
  • naýzasyny
  • naýzasynyň
  • naýzaň
  • naýzaňy