naý1

Gargy gamyşdan ýasalan saz guraly.

naý2

Aýakly çilimiň ýa-da şuna meňzeş zadyň turbajygy, burny, naýçasy.

  • Halnazar aýakçy çilimiň zaýyna agzyna goýup, bir-iki gezek pakyrdatdy-da, demini içine bakan çekdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Papirosyň naýyny küldana taşlady. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  • Ol apparatyň rezin naýynyň ujundaky mis jüründigini ýokaryk galdyryp, ugajyn töweregine çaltlyk bilen aýlaýardy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)