naýynsap

[na:ýynsa:p]

  1. Ynsapsyz, wyždansyz, bihaýa, zalym.

    • Naýynsap Halnazar bilen men bir tabakdan ýal ýalap bilmerin. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Naýynsaplar ýalardy, Dabanymyzyň derisi. (A. Kekilow, Saýlanan eserler)

  2. seret nebsewür

  3. Otrisatel manyda ýüz tutulyp aýdylýan söz.

    • Haý, naýynsap, dur! (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem naýynsap - naýynsaby.