ilerligine

Ileri tarapa, ileri ugra, ileri baka.

  • Akmaýanyň ýoly gatyk dökülen ýaly çaňjaryp, dik ilerligine bakan uzap gidýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  • Ol obanyň içinden ilerligine baka daş köçe geçýärdi. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)

  • Ülker ilerligine bakan eňip, ikindi ýerine golaýlapdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Bizi ilerligine tarap alyp ugrady. («Sowet Türkmenistany» gazeti)