Dogumly, çalasyn, çalt.
Artyk bulutly hawada ilgezek ýöräp, Gandymyň çatmasyna bardy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Daş hem bolsa getir! -- diýilip buýrulandan soň, ol oglanjyk ilgezek turup, ylgap gitdi. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)
Ýeserlik bilen, bihaýalyk bilen, göze-başa düşüp iş görýän, mekir, ýeser.
Özüni özi kethuda saýlap, ilgezek hojaýyn: -- Birinji sözi maňa ber! -- diýip haýyş etdi. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem ilgezek - ilgezegi.