ilgençek il‧gen‧çek

[i:lgençek]

  1. Geýimiň ýakasyna ýa-da gyňajyň bir ujuna berkidilýän ujy gaňyrçakly şaý.

    • Ýakasynyň ilgençekleri barmaklarynyň arasyndan häli-şindi sypyp durdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Olar şaý-selleri: syrga, bilezik, monjuk, ilgenjek ýasamagy başarýar ekenler. (Orta asyrlar taryhy)

  2. Gapyny, äpişgäni we ş. m. ýapmak üçin içinden edilýän ildirgiç.

    • Mürze gözüni aýlap, penjiränyň gabsasynyň ilgençeginiň goparylyp, daşyndan, ýokary erňekden berk pahna urlup berkidilendigini gördi. (N. W. Gogol, Eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ilgençek - ilgençegi.


Duş gelýän formalary
  • ilgençegi
  • ilgençegini
  • ilgençeginiň
  • ilgençegiň
  • ilgençekde
  • ilgençekleri
  • ilgençeklerini
  • ilgençekli