gyssagly sypat

Howlukmaç, tiz, gyssag, alňasak.

  • Soltansöýün üçin Myraly gyssagly gerek bolupdyr. (Myraly)

  • Meniň hem gyssagly işim bar. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

  • Men häzir gyssagly taýýarlyk işleri bilen meşguldyryn. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)