gyssamak işlik

  1. Bir zady wagtyndan öň, tiz gutarmak üçin howlukdyrmak.

    • Il şeýle bosga düşse-de, ony kowalaýan, gyssaýan ýokdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  2. Belli bir habar almak maksady bilen käýemek, öz erkine goýmazlyk.

    • Artyk ony erkine goýman gyssady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  3. Öz erkine, peýwagtyna goýman sürmek (mal hakynda).

    • Malyňy gaty gyssama-da, arkaýynlyk bilen sür. («Görogly» eposy)

  4. Jan howluna azar bermek (keselli hakda).