gyssanmak işlik

  1. Howlukmak, alňasamak.

    • Dur entek! Ýene nire gyssanýasyň? (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Görogly ýene gyssandy. («Görogly» eposy)

    • Jepbar sagadyna seredip gyssandy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Gyssanan laýa batar. (nakyl)

  2. Kesel zerarly janhowluňa azap çekmek.

    • Syrkaw ýatan adam gyssanýar.