gysmak işlik

  1. Iki zadyň arasyna salyp berk basmak ýa-da el bilen tutmak, sykmak.

    • Ol tahýany gursagyna gysdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  2. Dar bolmak.

    • Halnazary ýene giň öýüň tärimleri gysyp başlady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Tufliniň çep taýy aýagymy gysýar.

  3. Göçme manyda Bir , zat babatda gyssamak, käýemek.

  4. Göçme manyda Sütem etmek, ezmek.

gysyp gowurmak

  1. Gaty gysmak, juda gysmak, gysyp owradyp barmak.

    • Dar ädik aýagymy gysyp-gowrup barýar.

  2. Alyp barmak, aldym-berdime salmak, gyssamak.

ýürek gysmak

seret ýürek1

  • Meniň-ä indi ýüregim hem gysýar, näme etsekäk? (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)