gyssanmaç

Howlukmaç, alňasak, howul-hara.

  • Haýdar gyssanmaç agaçdan düşmäge başlaýar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Ol gapyny gyssanmaç açanda, jigit içerik kürsäp urdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Umsagül elinde aýlap oturan käsesini gyssanmaç owurtlap, sözüni dowam etdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Artyk otludan düşen badyna gyssanmaç ätläp, Çernyşowyňka bardy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem gyssanmaç - gyssanmajy.