gyjyt

[gy:jyt]

seret gyjalat

  • Öz häsiýetinden habarsyz Pökgi Wala, Umsagülüň sözi ýaraman, oňa kinaýaly gyjyt berdi. Halnazar gapdallaýyn sowallara, gyjytlara gulak gabartman, janygyp dowam etdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Ýok, bu bolmaz -- diýip, ol ne gyjyt berdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem gyjyt - gyjydy.