gykuw

[gy:kuw]

seret gykylyk

  • Buýruk alyp poliseýler beýginden, Gykuw edip üstümize çozdular. (Ş. Kekilow, Saýlanan eserler)

  • Şagallaryň gykuwlary, olara bakan uzyn-uzyn üýrýen itleriň sesleri eşidildi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Boşanan ýabylar iki baka daýyrdaşyp, heňkirişip uly tozanly gykuw turzardy. («Görogly» eposy)

  • Şatlykly gykuwlar bilen, Gaýtarlyp her ýan geçipdi. (Çary Aşyr, Poemalar)