gyk

[gy:k]

Düýe, goýun, geçi ýaly haýwanlaryň öň iýen zadyndan gäwüşemek üçin ýaňadandan agyz boşlugyna getirýän bölegi.

Ýazuw düzgüni

Çekimlisi uzyn aýdylýandygy üçin çekimli ses bilen başlanýan goşulma ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem gyk - gygym, gygyň.

gygy ajamak

Gaharjaňlygy artmak, adamkärçiligi erbetleşmek, gödek, ajy sözli bolmak.

gygyňy pürkmek

Ýakymsyz, ajy sözüňi aýtmak.

  • Öňkülik bolsa, Mawyny deperdi, oňa agzyndan gelen gygyny pürkerdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Şol wagtda Umsagüle gözi düşüp, Pökgi Wala-da onuň üstüne gygyny pürkdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)